Konsullyk tölegleri
Hormatly myhmanlar,
Konsullyk hyzmatlary üçin tölegleriň konsullyk bölümiň kassasyna nagt görnüşde tölemek arkaly ýerine ýetirilip bilinjekdigine Siziň ünsüňizi çekýäris.
Russiýa Federasiýasynyň 05.07.2010 ýyldaky № 154-ФЗ belgili “Russiýa Federasiýasynyň konsullyk tertipnamasy” Federal kanunynyň 36-njy maddasyna laýyklykda, konsullyk amallarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda edilýän çykdajylaryň konsullyk tölegleriniň we ýygymlarynyň töledilmeginden aşakdakylar boşadylýar:
- Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary;
- Russiýa Federasiýasynyň Gahrymanlary we “Slawa” ordeniniň doly kawalerleri;
- Beýik Watançylyk urşunyň gatnaşyjylary we maýyplary;
- “Žitelýu blokadnogo Leningrada” nyşany bilen sylaglanan raýatlar;
- “Žitelýu osaždennogo Sewastopolýa” nyşany bilen sylaglanan raýatlar;
- Çernobyl AES-de, şeýle hem beýleki radiasion ýa-da tehnogen katastrofalaryň netijesinde ejir çeken raýatlar.
Konsullyk töleglerini tölemek üçin kupýuralar (ABŞ-nyň dollary) Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň talaplaryna laýyklykda kabul edilýär. Şunuň bilen baglylykda, pul nyşanlarynyň köneligi (ilkibaşdaky reňkiniň açyk bildirýän üýtgemegi, kagyzyň berklik hiliniň gowşamagy, banknotdaky maglumatlaryň okalmaýanlygy, sürtülenligi), zaýalanandygy (deşikleri, ýyrtylan ýeri, bozulyp aýrylan we ýanyk ýeri), hapalanmagy (syýa/ýag/reňk tegmilleri, gaýry ýazgylar we bellikler) babatda öňünden barlamagyňyzy maslahat berýäris.
Konsullyk amallarynyň ýerine ýetirilmegi üçin alynýan töleg nyrhnamasy