Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy
Telefon: +993-12-94-07-41 E-mail: ruscons-ashkhabad@mid.ru Konsullyk bölümi
/.
18 марта

Daşköpri söweşiniň 140 ýyllygy

140 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň häzirki zaman çäklerini bellän waka bolup geçdi. 
1885-nji ýylyň ýaz aýlarynda Owganystandan düzüminde 100 çenli iňlis gözükdirijileri bolan goşun (4,7 müň adam 8 görnüşli ýarag bilen) Pendi jülgeliginiň çägine girýär we şol sebite eýe bolmagy maksat edinýär. Olara general-leýtenant A.W.Komarowyň iki sany atyjylar batalýonyndan, dag ýarym batareýasyndan, üç ýüz kuban kazaklaryndan ybarat bolan goşuny we ýüzlerçe türkmen milisiýasy bary-ýogy 1,8 müň adam 4 sany görnüşli ýarag bilen garşy durýar.
Netijede, 1885-nji ýylyň 18-nji martynda Daşköprüde basybalyjylar ýeňilýär, olar söweş meýdanynda 500 adamyny öli galdyryp, iňlis gozgalaňçylary bilen bilen gaçýar. Rus-türkmen güýçleri bary-ýogy 9 adam ýitirýär. Olary harby atlary bilen söweş meýdanynyň gabadynda jaýlaýarlar. Göreşiň netijeleri boýunça özüniň habarnamasynda serkerdebaşy A.W.Komarow türkmenleriň gahrymançylygyny aýratyn belläpdir.
Söweşiň 15 ýyllygynda 1990-njy ýylyň 18-nji martynda köpçülikleýin mazarda ähli wepat bolan esgerleriň atlary ýazylan ýadygärlik açyldy: milisiýanyň praporşigi Seýit-Nazar Ýüzbaşy, unter-ofiser Fýodor Pimonow, 6-njy batalýonyň atyjylary Fýodor Doroşenko, Parfen Bobylew, Semýon Korenew, Maksim Grigorýew, Genrih Baumgarten, Ýakow Danilow we milisioner Gylyç-Nyýaz Syçmaz.
 Daşköprüde (ýa-da Guşgydaky söweşde) gazanylan ýeňiş garakçylaryň Pendi jülgeligine edýän hüjümlerini bes etdi. 1887-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda häzirki wagtda çenli bar bolan serheti tassyklan jemleýji teswirnama gol çekildi. Bu söweşde ruslar we türkmenler ilkinji gezek daşary ýurt basybalyjylaryna garşy bilelikde söweşdiler.
 Türkmen taryhçysy D.S.Annaorazowyň bu wakalara bagyşlanan makalasynda Daşköpri söweşiniň biziň doganlyk halklarymyzyň söweşjeň dostlugyny berkidenligi hem-de söweşde tapawutlanan ähli rus we türkmen esgerleriniň ýokary hökümet sylaglaryna mynasyp bolanlygy bellenýär.